Ï Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

view-icon 2823
Türkmen diplomaty Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Parlamentiniň Medeniýet boýunça komitetiniň başlygy E.Bolkwadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösýändigini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmek däplerine esaslanýan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda oňyn gepleşikleri saklamaga ýardam berýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parlamentara hyzmtdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugry ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň  Türkmenistana bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Gruziýa amala aşyran saparlaryny bellediler.

Ilçi E.Bolkwadzeni ilçihana tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreler bilen tanyşdyrdy, şeýle hem geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler dogrusynda durup geçdi.

E.Bolkwadze hem öz gezeginde, hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem-de bular ýaly çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň giňden tanalmagyna, şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkemegine uly goşant goşjakdygyny aýtdy.