Ï Gündogar sebitde şaly oragyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogar sebitde şaly oragyna badalga berildi

view-icon 209
Gündogar sebitde şaly oragyna badalga berildi

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2024-nji oba hojalyk ýylynda esasy azyklyk ekinleriniň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi we häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnamaklyga guramaçylykly girişildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen welaýatyň şalyçy daýhanlarynyň tutanýerli zähmet çekendiklerini görseň gözleriňi dokundyrýan bol hasylly şaly meýdanlary bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Gündogar sebitde şu ýyl 10 müň 200 gektar ýerde şaly ekilip, onuň her gektaryndan 46,47 sentner, jemi bolsa, 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär. Welaýatda şaly ekiljek meýdanlaryň öňünden kesgitlenilmegi, bu möhüm işe tejribeli daýhanlaryň çekilmegi, hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine möwsümiň bütin dowamynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi bol şaly hasylynyň kemala gelmegine ýardam etdi. 

Meýilnama laýyklykda şu önümçilik ýylynda sebit boýunça iri hojalyklar hasaplanylýan Saýat etrabynda 3 müň 140, Çärjew etrabynda 3 müň 80, Dänew etrabynda hem 2 müň 160 gektar ýerde bu gymmatly azyklyk ekiniň ekilendigini, işleriň guramaçylykly ýola goýlup, bitginli şaly hasylynyň kemala getirilendigini hasaba alanyňda, bu etraplaryň şalynyň welaýat boýunça bol hasylynyň alynmagyna aýratyn goşant goşjakdyklaryna bolan ynamyňy berkidýär. 

Welaýatda orak möwsümine ykjam taýýarlykly gelnendigini hem bellemek möhümdir. Orak döwründe işlediljek kuwwatly kombaýnlaryň tehniki taýdan gözden geçirilip, oraga doly taýýar edilmegi, şaly kabul ediş nokatlarynyň, harmanhanalaryň ählisinde abatlaýyş işleriniň tamamlanyp, hasyly bökdençsiz kabul etmäge taýýarlanylmagy sebitde orak möwsüminiň üstünlikli geçjekdigine şaýatlyk edýär. Şu oba hojalyk ýylynda şalynyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy şalyçy daýhanlaryň has-da yhlasly zähmet çekmeklerini üpjün etdi. Alnyp barylýan giň gerimli işler welaýatyň zähmetsöýer şalyçylarynyň jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirip, arzyly maksatlaryna ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.