Ï Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1303

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çad Respublikasynyň Prezidenti Mahamat Idris Debi Itno we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Mahamat Idris Debi Itno tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Çad Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.