«Köňül arzuwy» we «Hazar ýol» hususy ulag-logistika kompaniýalary şu ýylyň oktýabr aýynyň 9–11-i günlerinde Astanada geçiriljek Gazagystanyň «Translogistica Kazakhstan-2024» atly «Ulag we logistika» bagyşlanan 27-nji halkara sergisine gatnaşmaklary üçin bellige alyndy.
Her ýyl geçirilip, öňdebaryjy hünärmenleri özüne çekýän ulag-logistika, ammar hyzmatlary we tehnologiýa degişli bu çäre şu ugur boýunça çözgütleriň – ulag-ekspeditorlyk hyzmatlaryndan başlap, programma üpjünçiligi we ýükleri täzeden işleýän enjamlara çenli öz içine alýan doly toplumydyr. «TransLogistica Kazakhstan» ekspeditorlyk kompaniýalar we ýük awtoulagy parklarynyň, konteýnerleriň, wagonlaryň, deňiz hem howa gämileriniň, terminallaryň, ammarlaryň we port infrastrukturasynyň eýeleri bilen gönüden-göni gatnaşyga girmek arkaly, islendik täjirçilik ýüki barmaly ýerine eltmegiň iň amatly ýoluny hünärmenlere hödürlemäge, şeýle hem ulag-logistika zynjyryny gurmak üçin ygrarly hyzmatdaşlary tapmak hem bähbitli şertlerde hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gelmäge mümkinçilik berýär.
Serginiň mowzugy ulag, maliýe, gümrük we ugurdaş hyzmatlary, logistika hyzmatlaryny, ulag infrastrukturasyny we tehniki serişdeleri, maglumat tehnologiýalaryny, tehnologik desgalary, şeýle hem ýükleme-düşürme işlerini mehanizmleşdiriş serişdelerini, ammar toplumlaryny we awtomatlaşdyrylan ammar ulgamlaryny özünde jemleýär.
«TransLogistica Kazakhstan-2024» maksatnamasynda birnäçe pudaklaýyn maslahat we beýleki işewür çäreler bar. 2023-nji ýylda «TransLogistica Kazakhstan» sergisine Türkmenistany-da goşmak bilen, 17 ýurtdan 225 kompaniýa gatnaşdy.