«Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda süýji suwly ýerlerde ýaşaýan jandarlar üçin iýmit taýýarlanyşyny ösdürmek we suwda ýaşaýan haýwanlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça maslahat geçirildi.
Oňa üç ministrligiň - Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) wekilleri – Haýdar Fersoý we Tom Şipton suwda ýaşaýan organizmler we balykçylyk boýunça maslahatlary bilen çykyş etdiler.
Häzirki wagtda ýurtda şol sanda Hazar külkesini balyk tutmakda we gaýtadan işlemekde döwlet gurluşyndan başga-da, balyk önümçiligine ýöriteleşen hususy kärhanalar – tebigy duzly suw esasynda gymmatly suwotulary öndürýän fermer hojalyklary, hususy balykçylyk artelleri, maşgala birleşikleri bolup, olarda tutulan az möçberli balyklar degişli şahadatnamalar esasynda elde gaýtadan işlenilýär.
Ekologiýa taýdan howpsuz, ykdysady taýdan ýerlikli – ýokary hilli iýmitiň amatly we elýeterli bahasy bilen baglanyşykly hojalyklar we ownuk balyklar ýetişdirilýän kärhanalar esasynda balyk önümçiligini artdyrmak ylmy pikir alyşmanyň bir bölegi boldy. Balyk ösdürip ýetişdirmegiň bu möhüm bölegi häzirki iýmlere, ýetişdirilen balyklaryň ýa-da suwda ýaşaýan haýwanlaryň ýa-da ösümlikleriň ol ýa-da beýleki görnüşlerine talaplar çykyşlarda aýratyn bellendi. Bu ýere ýygnananlaryň ünsi ýurtda öndürilýän iýmiň kada laýyk taýýarlanylyşyna we hili babatda onuň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Önüm öndürijilere haýsy iým goşundylarynyň ösüş üçin amatlydygyny, adamyň saglygyna zyýan berip biljek gerekmejek himiki birleşmeleri ulanmazdan önüm öndürijiligini ýokarlandyrmagyň şerti, şeýle hem balykçylyk hojalygynyň önümçilik çykdajylaryny we töwekgelçiliklerini azaltmagyň we ykdysady girdejileri gowulandyrmagyň ýollaryny bilmek gyzykly boldy.
Balyk ýetişdirmegiň şertleri, onuň saglygy, suw gurşawynyň we umuman tutuş fermanyň umumy sanitariýa biologiýa taýdan howpsuzlygyny saklap galmak ýene bir möhüm meseledir. Bu çykyşlar telekeçiligiň bu ugrunda önümçiligi boldugyndan çalt gurmak isleýän, ýöne wagtyň geçmegi bilen toplanylýan ýeterlik bilimi, başarnygy we tejribesi bolmadyk görnüşine täze gelenleri hasam özüne çekdi.
Çykyş edenler şeýle ýagdaýlara soň duş gelmezlik, olaryň önümçilige ýaramaz täsirinden soň meseläni çözjek bolmazlyk üçin ownuk balyklar ýetişdirilýän hojalyklaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ownuk balyklaryň saglygyny gazanmak üçin bu meseläni üns bilen öwrenmegiň, soňam yzygiderli bilimini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda balyklaryň saglygyny gorap saklamagyň, kesellerini anyklamagyň, howuzlarda we senagat balykhanalarynyň beýleki barlaghana otaglarynda biologiki howpsuzlygy üpjün etmegiň usullary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanda suw organizmleriniň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna syn örän peýdaly boldy.