Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 187

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga, Size berk jan saglyk we rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etmäge rugsat ediň! Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasynda ähli ulgamlarda dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigimizi tassyklaýarys.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdul Latif Raşid,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin örän ýakymlydyr. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Salman bin Hamad Al Halifa,

Bahreýn Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, 

Premýer-ministri.