Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1579

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlag hatynda Täjigistan Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanandygyny, halkara giňişlikde öz at-abraýyny yzygiderli berkidýändigini belledi. “Ýakynda Duşenbe şäherinde geçiren duşuşyklarymyz biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga güýçli itergi berdi. Biz mundan beýläk-de Täjigistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarly bolup galýarys hem-de özara gatnaşyklarymyzy giňeltmek boýunça teklipleridir başlangyçlary goldaýarys” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.