Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

view-icon 2328
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Edermen Watan goragçylaryny hem-de tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň möhüm bölegidir. Olary hormat-sarpa bilen ýatlamak ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen halkyna mahsus ruhubelentligiň şol ýyllaryň kynçylyklaryny we ýitgileriniň yzasyny ýeňip geçmekde synmaz güýç bolandygyny bellemek gerek.

...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

...Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar.

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan durmuşyň mekanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ösüşine we rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyny, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur. Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgasydyr. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, mähriban halkyňy söýmegiň, halkymyzyň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürülýän başlangyçlar Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýolunyň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini bellemek gerek. Degişli Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ählumumy wezipe hasaplanýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär.

“Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimizi hatyralap sadakalar berilýär we aýat-töwir edilýär. Öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadakalar, edilýän doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen şu günki hatyra çäresi ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşany boldy.

Şeýle çäreler paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.