Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 632

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.