Ï Alymlar taryhyň we medeniýetiň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alymlar taryhyň we medeniýetiň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler

view-icon 2109
Alymlar taryhyň we medeniýetiň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň berdiler

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde guramagynda «Pederleriň mirasy – nesillere görelde» atly çäre geçirildi.

Duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan döwletiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek meselelerine degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Gürrüňiň özeni, esasan, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde taryhyň we milli mirasyň ähmiýeti barada boldy. Duşuşykda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Akmyrat Babaýew we Allaguly Berdiýew, institutyň aspiranty Ýazgeldi Çaryýew, ýaş alymlaryň arasynda geçirilen ylmy işler bäsleşiginiň ýeňijisi Arslan Bäşimow we Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň bölüm başlygy Umida Kakaýewa dagy gatnaşdy.

Olar ýaşlarda milli gymmatlyklara we däp-dessurlara buýsanç duýgusyny terbiýeläp ýetişdirmegiň wajyplygy we bu işde köp asyrlyk medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň we şöhratly taryhymyzyň ýerine ýetirip biljek wezipesi barada söhbet etdiler. Alymlar türkmen topragynyň özboluşly arheologik ýadygärliklere näderejede baýdygy, olary öwrenmek we olar baradaky maglumatlary ýurt içinde hem tutuş dünýäde ýaýratmak boýunça nähili agtaryş işleriniň alnyp barylýandygy barada jikme-jik gürlediler.

Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar milli mirasyň we däp-dessurlaryň aýdym-sazly beýany boldy.