Ï Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 2541
Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
camera-icon
Hasan Magadow

Şu gün paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen we dostlugyň, döredijiligiň, ruhubelentligiň baýramyna öwrülen Gazagystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy.

Häzirki döwürde milli ruhy mirasy gorap saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen bir hatarda, milli medeniýeti, sungaty ösdürmegiň wajyp şertleriniň biri hökmünde dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek hem möhüm bolup durýar. Ynsanperwer ugurdaky giň halkara gatnaşyklar, dünýä bileleşigi bilen ýola goýlan medeni dialog bu wezipäniň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Şu gezekki medeni çäre-de munuň aýdyň mysalydyr. Medeniýet günleriniň maksatnamasy sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, gazak kinematograflarynyň iň gowy filmleriniň görkezilişinden we beýleki çärelerden ybarat boldy. Şeýlelikde, Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň, Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň artistleri ýokary ussatlygyny, milli aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu döredijilik toparlarynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki, «Türkmenistan» kinokonsert merkezindäki çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

«Aşgabat» kinoteatrynda kino sungatynyň muşdaklaryna meşhur gazak režissýorlarynyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde «Beýik ýaýlanyň säheri», «Paralimpiýaçy» atly filmleriň görkezilişi boldy. Olarda ýönekeý adamlaryň keşbi arkaly söýgi we ynam, ruhy başlangyçlary gözlemek, nesilleriň dowamaty ýaly mowzuklar öz beýanyny tapýar. Milli kino sungatyny wagyz etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki ýurduň kinorežissýorlarynyň arasynda döredijilik alyşmalarynyň ösmeginde möhüm şert bolup durýandygy bellärliklidir.

Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly sungaty söýüjiler gatnaşdy.

Dabarada çykyş edenler milli medeniýetleriň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän köpugurly ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ilerledilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresi bilelikde geçirilen medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze gözýetimlerini açyp, medeniýetara gatnaşyklaryň özboluşly köprüsine öwrüldi. Gazagystanyň medeniýet we sungat işgärleri mähirli kabul edilendikleri hem-de Medeniýet günlerini üstünlikli geçirmäge berlen goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.

Baýramçylyk gala-konsertiniň maksatnamasyny gazak we türkmen halk aýdymlary, tanslary, häzirki zaman estradasynyň mukamlary hem-de folklor çykyşlary düzdi. Sazandalar, aýdymçylar, tansçylar sazyň, aýdymyň we tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini, halklaryň ikisine-de mahsus bolan joşguny açyp görkezdiler. Özboluşly çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi.