Ï Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylmagyna taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylmagyna taýýarlyk görülýär

view-icon 1713
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylmagyna taýýarlyk görülýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda bu «akylly» şäherde boljak möhüm çärelere, şol sanda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagyna görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda bellenip geçilişi ýaly, bu waka ahalteke bedewleriniň gadymy ýurdy bolan Türkmenistanda tohumyň arassalygyny gorap saklamak, atlaryň sanyny köpeltmek we argamak atlaryň dünýä şöhratyny artdyrmak, şeýle hem olary tüýs halk tejribesine görä, bolmalysy ýaly seýislemek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işiň halkara derejesinde ykrar edilmegi bolar. Bu teklip ylmy agtaryş bilen meşgullanýan alymlaryň, seýisleriň, at esbaplary ussatlarynyň, şeýle hem atçylyk sungatynyň tanymal bilermenleriniň we muşdaklarynyň giňden gatnaşmagynda, Türkmenistan tarapyndan taýýarlanypdy.

Türkmenistanyň ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini Adamzadyň maddy däl mirasynyň hususy sanawyna girizmek baradaky karar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Botswana Respublikasynyň Kasana şäherinde geçen 18-nji mejlisinde sese goýulmazdan, köpçüligiň goldamagynda kabul edilipdi.

Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy maddy däl mirasyň dürlüligine şaýatlyk edýän we jemgyýetiň onuň ähmiýeti baradaky habarlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýän özüňi medeni taýdan görkezmegiň görnüşlerini öz içine alýar.