«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Halkara deňiz guramasynyň guramagynda geçirilen gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Halkara bilermenler oňa gatnaşanlary gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça çäreler, bu ugurdaky halkara hukuk resminamalary bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Bir penjire» ulgamy we bu ulgamy ornaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyryldy.
Maslahatyň dowamynda Milli ýeňilleşdiriş komitetiniň (FAL) döredilmegi we onuň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda oňa gatnaşyjylar iki topara: «Gury ýük» we «Ýolagçy-parom» terminallary toparlara bölünip, ýük gämileri her deňiz porty terminalyna gelende degişli taraplaryň arasynda ulanylýan resminama dolanşygynyň düzgünleri we usullary bilen tanyşdyrylyş taýýarladylar. Okuw maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara şahadatnama gowşuryldy.