Ï «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan edildi

view-icon 2283
«Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan edildi

«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi zehinli ýaşlaryň döwrümiziň bagtyýar durmuşyny, parahatlyk söýüjilik we dostluk ýörelgelerini çeper söz bilen beýan etmäge bolan ymtylyşyny göz öňünde tutmak bilen, döredijilige meýilli ýaşlaryň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige erkin tema boýunça ýazan goşgularyny, publisistik makalalaryny, hekaýalaryny ýa-da şahyrana oýlanmalaryny hödürläp biljek 35 ýaşa ýetmedik ýaşlar çagyrylýarlar. «Ýaşlygymyň bahary» döredijilik bäsleşigine» ýazgyly işler we olara goşulan şahsy maglumatlary (doglan ýylyň, wezipäň, ýaşaýan ýeriň anyk salgysy, telefon belgisi) «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Bäsleşik eserleri 2025-nji ýylyň 10-njy fewralyna çenli kabul edilýär, olaryň iň gowulary abraýly eminler tarapyndan saýlanyp alnar. «Iň gowy goşgy», «Iň gowy publisistik makala» we «Iň gowy hekaýa ýa-da şahyrana oýlanmalar» ugurlarynyň her biri boýunça birnäçe baýrak: bir esasy baýrak we bir birinji orun üçin baýrak, ikinji orun üçin iki baýrak, üçünji orun üçin üç baýrak we iki sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutulypdyr.

Bäsleşigiň netijesi 2025-nji ýylyň martynda jemlener. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmatly sowgatlar gowşurylar.

«Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat ş.Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýy, Erkin döredijilik mekany, elektron salgysy: edebiyatwesungat@sanly.tm.

Telefon belgileri: 38-62-33; 38-62-17 («Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy) we 44-89-99, 44-88-81 (Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi).