Ï Şäheriň güýz bezegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şäheriň güýz bezegi

view-icon 1673
Şäheriň güýz bezegi

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher arassaçylyk we abadanlaşdyryş kärhanasynyň hünärmenleri ösümlikleri gyrkmak we şekile salmak işlerini alyp barýarlar. Her ýyl geçirilýän bu işler gyrymsy we beýleki agaçlaryň köpçülikleýin ekilmezinden ozal olaryň zeper ýeten ýa-da kesellän ýerlerini aýyrmaga, köp ygal ýaganda we güýçli aýaz bolanda şahalaryny ýitirmeginiň öňüni almaga kömek edýär.

Häzirki wagtda şäherde iň giň ýaýran agaçlaryň biri bolan tuýanyň depesini emele getirmäge aýratyn üns berilýär, ol bu ýeriň seýilgäh-bag toplumynyň esasy daragty bolup, fitonidleri köp bolan ösümlikleriň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Şäherde landşaft bezegine laýyk gelýän hemişe gök öwüsýän bu köpýyllyk ösümlikleriň birnäçe görnüşi bar.

Şeýle hem şu günler bag ekýänler güýzde gülleriň tohumlaryny, şol sanda mahmal gülleriň, kalendulanyň, petuniýanyň we beýleki gülleriň tohumlaryny ýygnaýarlar. Olaryň hilini we uzak wagt saklanmagyny üpjün etmek üçin tohumlar dökülmezden ozal tohumy gurak, güneşli günlerde ýygnaýarlar. Bu işler kärhananyň işgärlerini baharda ekmäge tohum bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Şol bir wagtyň özünde, seýilgähleriň we baglaryň çägini arassalamak boýunça işler dowam edýär. Häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň seýilgäh-bag toplumynda bezeglik we pürli, gyrymsy agaçlaryň we gülleriň ençeme görnüşi bar. Olara yzygiderli ideg etmek şäheriň işleýiş, arassaçylyk, ekologiýa we estetiki ýagdaýynyň geljekde-de gowulaşmagyna kömek edýär.