Ï Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi

view-icon 1899
Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda tebigy aýratynlyklara möhüm ähmiýet berilýär. Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýaňlanan aýdymlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler wasp edildi.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini, şu günler şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem giňden baýram edilýändigini aýdyp, hemmeleri bu şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň adyny dakmak biz üçin uly hormatdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-german gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokary depginde ösdürilýändigini, muňa döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary derejede geçirýän gepleşikleriniň netijeleriniň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz professor Hans Maýsneriň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandynyň uludygyny aýratyn belläp, hemmeleri bu şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Kardiologiýa merkeziniň direktory Hans Maýsnere söz berilýär. Ol sözüniň başynda Aşgabatda geçirilýän şu günki dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, bu çäreleriň Türkmenistanda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabat gelmeginiň örän ýakymlydygyny aýtdy.

Şu günki şanly dabara meniň üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Häzirki zaman hassahanalary bina edilen bu ajaýyp köçä meniň adymyň dakylmagy durmuşymda aýratyn tolgundyryjy, unudylmajak wakadyr. Türkmenistana her gezek gelenimde, ýurduň näderejede özgerýändigine, şol sanda milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilýändigine göz ýetirýärin. Muňa meniň hem şahsy goşandymyň bardygyna buýsanýaryn diýip, professor Hans Maýsner belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bu künjekde Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkeziniň, Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň, Halkara newrologiýa merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara kardiologiýa merkeziniň gurlup ulanmaga berlendigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Bu merkezleriň ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly goşant goşýandygyna ynanýaryn diýip, germaniýaly lukman aýtdy. Professor Hans Maýsner zähmetine goýlan ýokary baha üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de türkmen kärdeşleri bilen öz tejribesini paýlaşjakdygyna ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz myhman bilen bilelikde durky täzelenen şaýoluň başlanýan ýerinde ýerleşdirilen «Professor Hans Maýsner şaýoly» at ýazgysynyň örtügini dabaraly ýagdaýda açýar.

Ak mermerli Aşgabat sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, okgunly ösýän geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onuň binagärlik keşbinde gözellik we amatlylyk, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar.

Milli Liderimiz professor Hans Maýsner bilen bilelikde atly paýtuna münüp, durky täzelenen şaýoluň aýlawly çatrygynda gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň öňünde guralan aýdym-sazly çykyşlara syn edýär hem-de täze binanyň binagärlik-bezeg aýratynlyklary bilen tanyşýar. Şol pursat dürli reňkdäki şarlar asmana uçurylýar.

Mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işjeň peýdalanylypdyr. Bu özboluşly bina halkymyzyň saglygyny ileri tutulýan ugur edinýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň nyşany hökmünde paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn bezeg berer.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz paýhasly pederlerimiziň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman ösüşlerini özünde jemleýän özboluşly milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň günorta böleginde Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen iri ylmy-barlag, bejeriş-anyklaýyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berlendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi bar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn, abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Häzirki wagtda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze derejesine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Onuň üsti Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň bardygyny hem bellemek gerek.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşyklarynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berilmegi, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň», «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bolsa ulgamyň binýadyny berkitmekde möhüm ädim boldy.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugraýar.

Şeýlelikde, şu günki dabara häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem uly sepgitlere ýetilýändigini, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.