Ï Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama

view-icon 1581

Mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy,

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we özara goldamak esasynda mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge çalyşmakdan ugur alyp,

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki Şertnamadan ugur alyp,

soňky ýyllarda taraplara strategik hyzmatdaşlygy ep-esli pugtalandyrmagy başardandygyny belläp,

halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine

hem-de kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy we iki döwletiň hem gatnaşyjylary bolup durýan beýleki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara şertnamalary boýunça öz borçnamalaryna ygrarlydyklaryny beýan edip,

döwletara gatnaşyklary köptaraply strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak maksady bilen, bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek isleginden ugur alyp, şu aşakdakylary beýan edýärler:

I

Döwletleriň Baştutanlary deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda türkmen-gazak gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilen uzak möhletli ugruň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ählitaraplaýyn ýardam berjekdiklerini beýan etdiler. Şunuň bilen, taraplar öz aralarynda strategik taýdan çuňlaşdyrylan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny yglan edýärler. Bu bolsa dürli ugurly we köptaraply gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy hem-de oňa aýratyn ysnyşykly, depginli häsiýet bermegi göz öňünde tutýar.

Hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we çuňlaşdyrylmagynyň iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynanyşmagyna hem-de strategik ornuna esaslanýandygyny belleýärler. Bar bolan şertleri we öz aralaryndaky gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň hem-de çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga ýeke-täk netijeli çemeleşmäni goldanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça dürli derejede özara bähbitli dialogy geljekde hem işjeň ösdürmäge taýýardygyny beýan edýärler.

II

Taraplar ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini tassyklap, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar, şeýle hem iki döwletiň arasynda söwda, maýa goýumlar, ulag, gaz we himiýa senagaty, oba hojalygy, gurluşyk materiallaryny öndürmek, dokma pudagy, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki tagallalary artdyrmak meýlini beýan etdiler. Döwletleriň Baştutanlary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösüşine kanagatlanma bildirýärler hem-de köpugurly, giň möçberli, durnukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyna oňyn täsir edýändigini belleýärler.

Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň guraly hökmünde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işini pugtalandyrmagyň, şeýle hem haryt dolanyşygyny artdyrmak we iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtaýarlar.

Taraplar telekeçilik işi üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertleriniň döredilmegini höweslendirýärler, ykdysady ösüşi üpjün etmäge, iki döwletiň harytlaryny, hyzmatlaryny dünýä bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýärler, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrjak işewürlik maslahatlaryny guramagy goldaýarlar.

Döwletleriň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlarda kooperasiýa gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze bilelikdäki kärhanalary döretmegi goldaýarlar. Prezidentler özara söwdanyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň we goşulan ýokary bahasy bolan önümleri haryt dolanyşygyna çekmek arkaly onuň sanawyny giňeltmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Taraplar ikitaraplaýyn maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda özara maýa goýumlary çekmek üçin ony amatly şertleri döretmek arkaly ösdürmegiň möhümdigini belleýärler.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda serhetýaka hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de berkitmek boýunça bilelikdäki çäreleri goldaýarlar.

III

Prezidentler daşarky bazarlara gysga ýol bilen we netijeli çykmagy üpjün edýän ulag-kommunikasiýa ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de açmak maksady bilen, taraplar ulag, logistika we üstaşyr gatnawlar babatda iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm taslamalary goldamagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge işjeň ýardam bererler. Döwletleriň Baştutanlary ulag babatda hyzmatdaşlygyň bar bolan ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäkleri boýunça üstaşyr gatnawlary üpjün edýän birleşdirilen taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilen özara tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini beýan edýärler.

Taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça gatnawlary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Ýükleriň halkara üstaşyr ýoly, şol sanda Hazarüsti halkara ulag ýoly (Orta geçelge), Merkezi Aziýa — Pars aýlagy geçelgesi, Günorta geçelge we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän beýleki halkara geçelgeleri boýunça daşalmagyny artdyrmak we giňeltmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, halkara ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar öz çäklerinde ýerleşen howa, deňiz portlary, demir ýol we awtomobil ulag ulgamlary arkaly ulag gatnawlaryny amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýän üstaşyr we ulag kommunikasiýalary babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan edýärler.

IV

Döwletleriň Baştutanlary energetika ulgamynda, şol sanda gaz pudagynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belleýärler. Iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny hem-de özara bähbitlere laýyk gelýändigini belläp, taraplar energetika babatda hyzmatdaşlygy özara bähbitlilik esasynda ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtaýarlar.

Taraplar maýa goýumlary çekmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ählumumy uglerod bitaraplygyny gazanmak üçin energetika ulgamynda täze senagaty ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

V

Prezidentler ykdysadyýetiň pudaklaryny tehnologik we senagat taýdan ösdürmegiň şerti hökmünde maglumat tehnologiýalary pudagynyň ähmiýetini ykrar edip, iki ýurduň sanly ulgamdaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegi goldaýarlar.

Sanlylaşdyrmak ulgamynda «Sanly hökümetiň ofisi» taslamasyny we beýleki taslamalary ulanmakda hem-de maglumat-tehnologiýalary babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde we bu ugurda maglumat tehnologiýalary boýunça işgärleriň hünärini ýokarlandyrmakda iş ýüzünde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-gazak serhediniň üstünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy we maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň birleşdirilmegi goldanylýar.

Şeýle hem döwletleriň Baştutanlary älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmek, şol sanda iki ýurduň kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmak we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda kosmos gözegçiligini ulanmak bilen, aerokosmos ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýärler.

VI

Döwletleriň Baştutanlary ekologik howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak, serhetüsti hapalanmagyň öňüni almak, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýaramaz netijeleriniň öňüni almak hem-de olary ýok etmek babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Howanyň üýtgemegi we “ýaşyl” energetika babatda Merkezi Aziýa boýunça taslama edarasyny, BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezini Almatyda açmak, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini Aşgabatda açmak baradaky başlangyçlary goldaýarlar.

Taraplar sebitde örän möhüm suw-energetika, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözmek üçin özboluşly sebit edarasy hökmünde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň aýratyn ornuny belleýärler we görkezilen ugurda onuň mümkinçiligini mundan beýläk-de işjeň ulanmak ugrunda çykyş edýärler. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbidini nazara almak we gatnaşmagy bilen, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belleýärler.

Taraplar BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek boýunça tagallalary dowam etdirmegi goldadylar.

VII

Prezidentler iki ýurduň halklarynyň ruhy we medeni taýdan ýakynlygyny gorap saklamaga hem-de medeniýet, sungat, ylym, bilim, syýahatçylyk, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bererler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň döredijilik toparlarynyň, uniwersitetleriniň we beýleki bilim edaralarynyň, ylmy-barlag guramalarynyň, arhiwleriniň, ýaşlar we sport guramalarynyň göni gatnaşyklaryna hem-de hyzmatdaşlygyna we olaryň bilelikdäki çäreleriniň geçirilmegine ýardam bererler.

Döwletleriň Baştutanlary ilatyň saglygyny goramagy berkitmek, ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini güýçlendirmek, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek, ýokary tehnologiýaly kömegi bermek maksady bilen, saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýärler.

Taraplar iki ýurduň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň gazananlaryny, umumy medeni-taryhy mirasy, syýahatçylyk mümkinçiliklerini beýan etmegiň möhümdigini tassyklap, iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda özara bähbitli hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýardam bermegi maksat edinýärler.

VIII

Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy halkara giňişlikde dialog we ynanyşmak, şeýle hem Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sebitleýin goşulyşmak ideýasyny öňe sürüp, daşary syýasat ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýarlar.

Taraplar BMG-niň Tertipnamasy boýunça öz borçnamalaryny we Birleşen Milletler Guramasyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkara işlerde onuň merkezi ornuny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandyklaryny tassyklaýarlar. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki halkara guramalar bilen halkara howpsuzlygy üpjün etmek, täze howplara we wehimlere garşy bilelikde göreşmek işinde hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýärler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Hazar «bäşliginiň», «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, beýleki köptaraply düzümleriň we görnüşleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam ederler, şol sanda özara gyzyklanma bildirilýän dürli meselelere hem-de başlangyçlara seredilende, mundan beýläk-de özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassyklaýarlar.

BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen esas goýujy ýörelgelere we kadalara bilelikde ygrarly bolan, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan we daşary syýasatyny köptaraply hem-de hakyky ýagdaýlar esasynda amala aşyrýan Gazagystan Respublikasy Merkezi Aziýa sebitinde hem-de bütin dünýäde howpsuzlygy, parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek boýunça tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini beýan edýärler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky, Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan edýän 76/299-njy Kararnamasynyň, şeýle hem sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň «Merkezi Aziýa — 2040» Konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belleýärler.

Döwletleriň Baştutanlary halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, neşe serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we halkara howpsuzlygyň beýleki howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede hem, halkara düzümleriň, şol sanda Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Almaty şäherindäki Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat-utgaşdyryjy merkeziň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş etdiler.

Taraplar owgan halkynyň öz döwletini syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça saýlap alan ýoluny hormatlap, Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy gazanmaga, ony parahat hem-de gülläp ösýän ýurda öwürmäge mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu ýurt bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika gatnaşyklaryny ösdürmegiň, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny amala aşyrmagyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi utgaşdyryjy orny arkaly Owganystanyň halkyna hemmetaraplaýyn halkara ynsanperwer hemaýatyny bermegiň zerurdygyny bellediler.

Iki döwletiň Baştutanlary ýadro taýdan ýaragsyzlanmak we ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk işinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnamany hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 5-nji dekabryndaky 70/57-nji Kararnamasy bilen kabul edilen, Ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak hakynda Ählumumy jarnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Bakteriologiýa (biologiýa) we toksin ýaraglaryny işläp taýýarlamagy, öndürmegi we olaryň gorlaryny toplamagy gadagan etmek hem-de olary ýok etmek hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara biologiýa howpsuzlygy baradaky agentligi döretmek başlangyjynyň ähmiýetini bellediler.

Taraplar terrorçylyga, köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagyna, kontrabanda, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa, adam söwdasyna, guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreşde gyzyklanma bildirýän edaralaryň ugry boýunça we halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrarlar. Iki ýurduň degişli düzümleriniň Merkezi Aziýada halkara terrorçylygyň we ekstremizmiň ýüze çykmagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmeginiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar sebit we ählumumy derejede halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şol sanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny hukuga garşy we zyýanly maksatlar bilen peýdalanmaga garşy göreşmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen maksatlaryny tassyklaýarlar.

Döwletleriň Baştutanlary halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnuklylyga howp salýan agressiýa çärelerine garşy dünýä bileleşiginiň tagallalaryny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belleýärler.

Taraplar öz döwletleriniň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini we halkara derejede ykrar edilen serhetleriniň eldegrilmesizdigini hormatlaýandyklaryny we aýgytly goldaýandyklaryny özara esasda ýene-de tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar gapma-garşylyklary özygtyýarlylygy, çäkleriniň bitewüligi we halkara derejede ykrar edilen serhetleriniň bozulmazlygy esasynda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda parahatçylykly serişdeler arkaly çözmegiň zerurdygyny belleýärler.

Taraplar dinleriň we medeniýetleriň arasynda, şol sanda sabyr-takatlylyk, özara hormatlamak we dini oňşuklylyk taglymatlaryny öňe sürmek üçin esas bolup durýan Dünýä we adaty dinleriň liderleriniň gurultaýynyň çäklerinde ählumumy dialogyň möhümdigini belleýärler.

IX

Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary özara ynanyşmagyň we hormatlamagyň berk binýatlaryna daýanýan çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak kararyna gelendiklerini beýan edýärler.

Prezidentler hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň iki doganlyk halkyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine, iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugy berkitmäge ýardam edýändigine we uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gözýetimlerini açýandygyna, şeýle hem sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyna ynanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry.