Ï Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

view-icon 1600
Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary hem-de wekilleri utgaşykly görnüşde geçirilen ylmy maslahata gatnaşdylar.

Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şunda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi. Çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy wezipeleriniň hataryndadygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, özara tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy wezipeleriň çözgüdine goşulýan uly goşantdyr. Bu babatda bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmak, iň täze tehnologiýalarydyr enjamlary, dürli keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Köp sanly ugurdaş desgalar açylyp, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhananyň önümleri ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan öndürilip, geljekde dünýä bazarlarynda-da mynasyp orny eýelär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem täze desgalaryň birnäçesi — Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalar häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan lukmançylyk edaralary — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleri bilen birlikde geljekde ilatyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Ýaşlaryň saglygyny berkitmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem uly işleri alyp barýar. Gazna paýtagtymyzdaky, welaýatlardaky hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergileriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur enjamlary satyn almak üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle çagalar üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda çylşyrymly hem-de inçe ugurly lukmançylyk bejergileri geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar. Gazna tarapyndan bejeriş-öňüni alyş edaralaryna täze “Tiz kömek” awtoulaglary, Germaniýada öndürilen gemodializ enjamlary sowgat berildi.

Çykyşlarda milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýandygy, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edildi. Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu uly üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir.

Halkara ylmy maslahat öz işini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iri edaralarynda, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen birnäçe bölümçelerde dowam etdi.

Foruma gatnaşyjylar «Iç keseller», «Kardiologiýa we kardiohirurgiýa», «Onkologiýa», «Oftalmologiýa», «Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa keselleri», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy», «Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologik-fiziologik meseleleri we pulmonologiýanyň hem-de allergologiýanyň esasy soraglary», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek — bilim syýasatynyň möhüm wezipesi», «Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak», «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek we fiziki işjeňligi ösdürmek», «Ylmy ösdürmekde ýaş alymlaryň orny» atly bölümçelerde meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar.

***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda tapawutlanan işgärleri, şol sanda daşary ýurt raýatlaryny, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet, jemgyýetçilik işine uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan raýatlary sylaglamak dabarasy geçirildi.