Ï Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 1915

Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Şoňa görä-de, nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit guramalarynyň, Türkmenistan bilen dostlukly döwletleriň, beýik ynsanperwer şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň muşdaklarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini halkara derejede giňden wagyz etmekde bitiren işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr.Meisner Johann Engelberti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr.Dhom Günter Jakoby,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr.Jansson Wolkmary,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriteleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr.Haussermann-Mangold Liesl Dorisi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr.Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgangy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.