Ï Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 1269

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ylmy edaralaryň wekilleriniň we alymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat hereketini, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermekde bitiren hyzmatlaryny, keselleriň öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, kardiohirurg lukmany Dr.Meisner Johann Engelberti,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlindäki Steinbeis uniwersitetiniň professory, Lýudwigshafen şäherindäki «Prof.Dr.Dhom & Kollegen» hususy kärhanasynyň stomatolog lukmany Dr.Dhom Günter Jakoby,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitet klinikasynyň ortopediýa, fizioterapiýa we reabilitasiýa klinikasynyň hirurg-ortoped lukmany Dr.Jansson Wolkmary,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Oberursel şäherindäki Hirurgiýa, onkologiýa we estetiki dermatologiýa ýöriteleşdirilen klinikasynyň dermatolog lukmany Dr.Haussermann-Mangold Liesl Dorisi,

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Lýudwig Maksimilian adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy wisseral hirurgiýa klinikasynyň hirurg lukmany Dr.Spelsberg Fritz Wilhelm Wolfgangy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.