Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak akynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak akynda

view-icon 1662

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry.