Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 1805
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini nygtady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda ylym, bilim, bedenterbiýe, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilelikdäki hökümetara toparyň işi döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilendir.

Söhbetdeşlikde yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregi goldaýarlar.

Duşuşykda Prezident Waagn Haçaturýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.