Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 1492

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp we türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gyrgyzystanyň Baştutanyny “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşmaga, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.

Prezident Sadyr Žaparow bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen erk-islege, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Gyrgyzystanda uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Ol möhüm ähmiýetli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny Gahryman Arkadagymyza sowgat berdi. Bellenilişi ýaly, bu kitabyň çapdan çykmagy doganlyk ýurduň medeni durmuşynda möhüm waka boldy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde birek-biregi özara goldap, netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bolan söwda-ykdysady ulgam türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýär. Bu toparyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň iýulynda geçirildi. Energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy pudagynda, senagat toplumynda, hususy ugur boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Halklarymyzy birleşdirýän ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar. Söhbetdeşler dostlukly ýurtlarda birek-biregiň Medeniýet günlerini, beýleki döredijilik çärelerini guramak, ylym-bilim we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.