Ï Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama

view-icon 2120

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh 2024-nji ýylyň 10 — 13-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh (mundan beýläk — taraplar) dostlukly, açyk we işjeň ýagdaýda resmi gepleşikleri geçirdiler hem-de syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki ýurduň raýatlarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmegiň, sebitde we halkara giňişlikde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

3. Döwletleriň Baştutanlary ýokary derejedäki bu saparyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygyny we hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm itergi berjekdigini nygtadylar.

4. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh saparyň dowamynda meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygyny belledi.

5. Saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürlik maslahaty we bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

6. Özara syýasy ynanyşmagy berkitmek, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, taraplar hemişelik esasda ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda özara saparlary geçirmek, tejribe alyşmak, işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, hyzmatdaşlygyň resminamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek barada ylalaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-mongol toparyny döretmek meselesine garamagy ylalaşdylar.

7. Iki ýurduň ýokary kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döretmek işinde hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny bellediler we Türkmenistanyň Mejlisi bilen Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň arasynda dostluk toparyny döretmek, özara saparlary, bilelikdäki duşuşyklary, okuw maslahatlaryny, çäreleri geçirmek barada ylalaşdylar.

8. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy ynanyşmagy berkitmekde hem-de gatnaşyklary giňeltmekde hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny belläp, taraplar 2015-nji ýylda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hemişelik esasda ministrlikleriň arasyndaky geňeşmeleri we özara saparlary geçirmek barada ylalaşdylar.

9. Taraplar Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň hem-de azyk we oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagyny goldadylar.

10. Şeýle hem taraplar Türkmenistandan Mongoliýa miweleri, gök-bakja önümlerini, haly we haly önümlerini, Mongoliýadan Türkmenistana ýüň, kaşemir, deri, et we et önümleri ýaly harytlary ibermek mümkinçiligini öwrenmegi ylalaşdylar.

11. Taraplar ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak we raýatlaryň saparlaryny giňeltmek maksady bilen, howa gatnawlaryny ösdürmek, şol sanda täze ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

12. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyk we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyk baglaşyldy.

13. Taraplar daşky gurşawy goramak we howanyň ählumumy üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine aýratyn üns berip, tokaýlary we suw serişdelerini goramak hem-de çölleşmäge garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Mongoliýanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen «Milliard agaç» atly milli hereketi Türkmenistanyň çölleşmäge garşy göreşmekde baý tejribesi bilen utgaşdyrmak barada ylalaşdylar.

14. Taraplar Mongoliýanyň sebit ösüşi we häzirki zaman “ýaşyl” ösüşi, ekologik taýdan arassa hem-de “akylly” şäher meýilnamalaşdyrylyşy we şähergurluşyk konsepsiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge, Täze Harhorum şäheriniň meýilnamalaşdyrylyşy we şäher gurluşygy işinde işgärleri taýýarlamak, işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

15. Mongol tarapy halkara hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine amala aşyrylýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny beýan etdi.

16. Türkmen tarapy Mongoliýanyň açyk, garaşsyz we köpugurly daşary syýasatyna ýokary baha berdi we Mongoliýanyň «üçünji goňşy» syýasatyna goldaw bildirdi.

17. Taraplar deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň bähbitlerini goramagyň zerurdygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda we ulag päsgelçiliklerini aradan aýyrmak meselesine garaldy.

18. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Ulan-Bator şäherindäki Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ylmy-barlag merkezi ýaly halkara düzümleriň işiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

19. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Ulan-Bator şäherindäki Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin halkara ylmy-barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga gatnaşmak baradaky meseläni ýakyn wagtda öwrener.

20. Taraplar ynsanperwer ulgamda we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, adatdan daşary ýagdaýlara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, terrorçylyga, ekstremizme garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede we Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde berkitmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar.

21. Saparyň dowamynda taraplar şu resminamalara gol çekdiler:

— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga;

— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga;

— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda azyk we oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;

— Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

22. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň wekiliýetini mähirli we hoşniýetli garşylandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabry.