Ï Amyderýa goraghanasy – gözellikleriň we täsinlikleriň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýa goraghanasy – gözellikleriň we täsinlikleriň mekany

view-icon 2111
Amyderýa goraghanasy – gözellikleriň we täsinlikleriň mekany

Gözellige beslenen eziz ülkämiziň belent başly gojaman daglary, gözýetmez sähradyr düzleri, möwç urýan deňizdir derýalary, bagy-bossanlary bar.

Berkarar Diýarymyzda gözel tebigatymyzyň haýran galdyryjy täsin künjeklerini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen Diýarymyzyň goraghanalarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle goraghanalaryň biri hem güýz paslynda altyn öwüşgine giren Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasydyr. 

Amyderýanyň orta akymynyň hem-de derýanyň kenarlaryny gurşap alan tokaýlyklaryň, derýaýaka Gyzylgum we Garagum sähralarynyň ekologik ulgamlaryny ylmy esaslarda öwrenmek, gorap saklamak maksady bilen 1982-nji ýylda adybir Amyderýa goraghanasy döredilip, onuň düzümine goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri hem-de Kelif çäkli goraghanasy girizilýär. Goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri Lebap welaýatynyň Demirgazyk-Gündogar böleginde Dänew, Darganata, Farap etraplarynda ýerleşip, 48 müň 350 gektar meýdany tutýar. Kelif çäkli goraghanasy Günorta-Gündogar Garagumda, welaýatyň Halaç we Kerki etraplarynda ýerleşip, 100 müň gektardan gowrak meýdany eýeleýär. 

Goraghana Turan pesliginiň çägeli-çöl zolagynyň Demirgazyk landşaft sebitiniň çäklerinde ýerleşýär. Goraghananyň Gabakly we Görelde bölümleri Amyderýanyň çep kenarynda Nargyz bölümi bolsa sag kenarynda ýerleşendir. Meýdany 28 müň 180 gektara golaý goraghananyň Nargyz bölümi diňe bir kenarýaka tokaýlyklardan ybarat bolman, eýsem, Gündogar-Demirgazyk çäginde Gyzylgum sährasynyň tebigy gözelliklerini özünde jemleýär. Goraghananyň bu bölüminiň belli bir bölegini joşgunly Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän tokaýlyklar eýeleýär. Tokaýlykda beýikligi 13-14 metre ýetýän petde, toraňňy, igde agaçlarynyň duş gelmegi onuň has irki jeňňelikdiginden habar berýär. 

Amyderýanyň çep kenarynda, Gabakly obasyndan 6 kilometr aralykda goraghananyň Gabakly bölümi ýerleşip, Günorta-Günbatarda Garagum sährasy, Demirgazyk-Gündogarda Gyzylgum sährasy bilen araçäkleşýär. Bölümiň tutýan umumy meýdany 18 müň 114 gektardan ybarat bolup, onuň hem kenarýaka bölegini tokaýlyklar eýeleýär. Bölümiň ýer üstüniň gurluşy dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tokaýlyklary bölüp geçýän arnalar, suwly-gamyşly çöketlikler, gum depeleri, seýrek we gür tokaýlyklar duş gelýär. Goraghananyň Görelde bölümi gündogar sebitiň Demirgazygyndaky Darganata etrabynda ýerleşýär. Bu bölüm Günorta-Günbatarda Garagum sährasy bilen araçäkleşýär. Eýeleýän umumy meýdany 2 müň 58 gektardan gowrak bolup, ähli ýeri tokaýlyklar bilen gurşalandyr. 

Goraghananyň Görelde bölüminde tokaý sugunlarynyň ýaşaýyş işjeňligi hasaba alnyp, kän duş gelýänligi bellenilip geçilýär. Tokaýda ösümlikler gür we garyşyk ýerleşendir. Goraghananyň döredileninden bäri geçen 42 ýylyň içinde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda daşky gurşawy goramak, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ekoulgamyny öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň ençemesi alnyp baryldy. Goraghanada ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň dikeldilmegi, has-da baýlaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär. Bu ýerde süýdemdirijileriň 40-dan gowrak, balyklaryň 36, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 30-a golaý, oňurgasyzlaryň ýüzlerçe, şol sanda möýleriň 80-den gowrak, guşlaryň 175 görnüşi duş gelýär. Bulardan başgada bu ýerde gyş aýlarynda derýanyň üstünden uçup geçýän, möwsümleýin gyşlaýan guşlaryň birnäçe görnüşi mesgen tutýar. 

Goraghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de bu ýerde asylly sugun ady bilen giňden tanalýan tokaý sugunynyň duş gelmegidir. Häzirki wagtda olary goramak, sanyny köpeltmek boýunça geçirilýän işler öz netijelerini berýär. Tokaýdaky ösýän ösümlikleriň ýapraklary, gülleri, miweleridir-kökleri bu ýerde ýaşaýan haýwanat faunasynyň, mör-möjekleriň esasy iýmit düzümi bolup hyzmat edýär. Goraghanada ýaşaýan guşlardan, esasan-da, Amyderýa sülgünini, balykçy bürgüdi, gyzgylt we buýraly gotany, gara ördegi, uzynguýruk garaguşy, hüwini, gulatyny, guba gazy we beýlekileri belläp geçmek bolar. Goraghananyň çäginde süýdemdirijilerden gunduz, garagulak, tokaý suguny, torsuk, ýekegapan, sähra pişigi, şagal, keýik, towşan, oklykirpi ýaly haýwanlara duş gelmek bolýar. 

Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýokary gurluşly ösümlikleriň 230-a golaý görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde goraghananyň sähralyk meýdanlarynda dürli ösümlikleriň 125 görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Şolaryň arasynda sähralyklarda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň 15-si duş gelýär. Tokaý zolaklarda ösümlikleriň 86 görnüşi gabat gelip, şolaryň 30-dan gowrak görnüşiniň dermanlyk ösümliklerdigi anyklanyldy. Esasan hem bu ýerde toraňňy, petde, igde, jungar söwüdi ýaly agaçlar agdyklyk edýär. Ýylgyn, çemiş, buýan, hyşa, adaty gamyş bilen gurşalyp alnan, agaçlar bilen ýanaşyk geçmesi kyn jeňňellikler tokaý haýwanlarynyň esasy ýaşaýan ýerini, sözüň doly manysynda ýaşaýan tebigy öýüni emele getirýär. 

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologik syýasaty durmuşa ornaşdyrmakda, tebigata aýawly göz bilen garap, tebigy gözellikleri gorap saklamakda, goraghananyň işgärleri tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Geçirilýän işleriň ählisi bolsa, tebigatyň ajaýyp peşgeşi – sebitiň ekologik abadançylygyna gönükdirilendir.