Ï Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

view-icon 2334
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada oňyn netijelerini berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

...Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli görnüşli haly we zergärçilik önümleri, atlaryň bezeg şaý-sepleri görkezildi. Çäräniň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynyň bu künjegi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde duşuşyklary geçirmek, ahalteke atşynaslygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi.

«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Dabaraly maslahatda çykyş edenler degişli hödürnamany bu abraýly sanawa girizmek baradaky çözgüdiň 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. Onda ýurdumyzyň öňe süren teklibi bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen gutlady hem-de «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýan ýene-de bir şanly wakadyr.

Çykyş edenler ÝUNESKO-nyň bu çözgüdiniň Türkmenistana we türkmen seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň yhlasyna bildirilen hormatdygyny nygtadylar. Şeýle-de olar ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan atşynaslyk däplerini gorap saklamak, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda zergärleriň, şahyrlaryň, suratkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Olara bagyşlanan halyçylyk, zergärçilik we surat eserleri halkara sergilerde mynasyp baha eýe bolýar.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuna bardylar we bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkindäki «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çeýeligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen göreni haýran galdyrýan bedewlere atlanan ýaşlar at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdiler.

Umuman, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama türkmen atşynaslygynyň taryhynda mynasyp orun eýelär.