Ï Suratkeş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň «Kakamyň ýagty ýadygärligine...» atly işleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratkeş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň «Kakamyň ýagty ýadygärligine...» atly işleriniň sergisi

view-icon 1981
Suratkeş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň «Kakamyň ýagty ýadygärligine...» atly işleriniň sergisi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty merkezinde şu ýyl 55 ýaşyny belleýän suratkeş Öwezmuhammet Akmuhammedowyň suratlarynyň şahsy sergisi açyldy.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professory, Jawaharlal Neru adyndaky Halkara baýragyň eýesi Şamuhammet Akmuhammedowyň ogly Öwezmuhammet bu sergini kakasynyň ýadygärligine bagyşlaýar.

Ataly-ogluň döredijiligi sungatda tomaşaçylaryň arasynda biygtyýar deňeşdirmä sebäp bolýar. Onsoňam, sergide ýaşuly Akmuhammedowyň çeken 10 suraty-da goýlupdyr. Şamuhammet Akmuhammedowyň diýseň seýrek duş gelýän özboluşly suratkeş bolandygyny bellemelidiris. Onuň döredijiligine mahsus bolan esasy zat geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň durmuşyndaky täze öwüşginlerdir. Professor güneş şöhleleriniň güýz ýapraklaryndan «dokalan» halynyň üstünde ýüzýän «Güýz rapsodiýasy» suratyndan başga hiç bir eserinde şol ýyllarda kabul edilen realizmiň çäginden çykmady.

Özboluşlylygy kakasyndan miras alan ogul bolsa häzirki zaman sungatynda özüni görkezdi. Onuň bezeg grafika uslybynda çeken suratlarynda tegelek çyzyklaryň agdyklyk etmegi «Hatyra», «Aýdym», «Duşuşyk» we beýleki eserleriň baş gahrymanynyň barlygynyň üstüni örtýän ýaly. «Nerwler», «Jemile» we beýleki eserlerinde bolsa suratkeşiň nazary adamyň daşky keşbinde däl-de, biziň oý-pikirlerimizi görkezmek bilen, içki dünýämizde jemlenendir.

Bu babatda, aýratyn-da «Ýap-ýaşyl» eseri gyzyklydyr, çünki onda abstraksionizmiň, kubizmiň we ekspressionizmiň elementleri görünýär. Suratkeş bir portret çekipdir, onuň ýarysy – ýigidiň, beýlekisi bolsa gojanyň ýüz keşbi. Ýigidiň ýanynda kiçijek gök alma, gojanyň ýanynda bolsa ullakan bişen alma bar. «Bu surat siz we kakaňyz hakda dälmi?» diýen soraga Akmuhammedow: «Şeý diýseňem bolýar» diýip, jogap berdi.

Öwezmuhammet Akmuhammedowyň 70-den gowrak eserinden ybarat şahsy sergisi suratlary üns bilen gözden geçirip, awtoryň olaryň hersi arkaly beýan etmek islän pikirine düşünjek ýeterlik taýýarlykly tomaşaçy üçin niýetlenipdir. Hut şu-da bizi gurşap alan dünýä öz garaýşy bolan Öwezmuhammet Akmuhammedowdyr.