Ï BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleri inçekesele garşy göreş maksatnamasyny gözden geçirmek üçin Türkmenistana geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleri inçekesele garşy göreş maksatnamasyny gözden geçirmek üçin Türkmenistana geldi

view-icon 1390
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleri inçekesele garşy göreş maksatnamasyny gözden geçirmek üçin Türkmenistana geldi

Oktýabr aýynyň 8-10-y aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň birinji toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasyny gözden geçirmek boýunça ýurdumyza sapary boldy.

Inçekesele we dermanlaryň ençemesine durnukly inçekesele toplumlaýyn epidemiologik syn geçirmek – toparyň esasy maksady boldy.

Toparyň agzalary, şeýle hem inçekesel barada hasaba alyş we hasabat resminamalaryny ýöretmek üçin elektron ulgam bolan Türkmenistanda TB-RRIS maksatnamasyny utgaşdyryjylar bilen duşuşyklar geçirdiler. Wekiller Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler.