Ï Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi

view-icon 2435
Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi

Türkmenabat şäherinde «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen, her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu bäsleşik ýurdumyzyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy hem-de Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň şahsy düzüminiň, bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň gatnaşmaklaryndaky dabaraly ýörişi bilen badalga aldy. Hakyky sport baýramçylygyna öwrülen bu çäräniň dabaraly açylyşyndan soňra, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň weteranlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler, bu gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin alnyp barylýan yzygiderli işler baradaky buýsançly çykyşlary, şeýle hem Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň dabaraly konserti ýaýbaňlandyryldy.

Onuň dowamynda Berkarar Watanymyz, bagtyýar zamanamyz barada, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk temadaky goşgularyna aýdylan joşgunly aýdymlar, tans toparlarynyň ýerine ýetiren milli tanslary ýurdumyzyň çar künjünden gelen ýangyn söndürijileriň, bu çäräniň müňlerçe myhmanlarynyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.

Ýaryşyň açylyşyna bagyşlanan dabaralardan soňra, bäsleşige badalga berildi. Ýörite meýilnama esasynda oňa gatnaşyjylar ýaryşyň birinji görnüş boýunça ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmekde şahsy birinjilik, ikinji görnüş boýunça estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüz ugruna ulanyp, 4x100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, üçünji we dördünji görnüşler boýunça hem degişlilikde toparlaýyn söweşjeň ýaýbaňlandyrma we zabt ediş merdiwany bilen okuw minarasynyň 4-nji gatyna çykmak boýunça bäsleşdiler.

Ýaryşlaryň örän gyzykly, ýokary bäsleşik derejesinde geçmekligi, öňa gatnaşyjylaryň bu çärä ykjam taýýarlykly gelendiklerini, ýangyn söndürmegiň endiklerini kämil ele alandyklaryny görkezdi. Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet bäsleşigine tomaşa etmäge gelen müňlerçe janköýerleriň şatlyk-şowhuny astynda örän täsirli geçen ýaryşyň jemi boýunça Mary welaýatyndan gelen ýangyn söndürijiler topary jemi 11402 utuk toplap, 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardylar. Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň toparlary hem degişlilikde 10928 we 7438 utuk bilen 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.