Ï Mediaulgamyň menzilleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mediaulgamyň menzilleri

view-icon 1251
Mediaulgamyň menzilleri
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen 6-njy Bütindünýä media sammitine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen asylly maksatlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dostlukly ýurtda geçirilen 6-njy Bütindünýä media sammitiniň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Aýratyn-da, sammitde edilen çykyşlarda häzirki döwürde ähli ugurlarda işjeň özleşdirilýän emeli aň meseleleri esasy mowzuklaryň birine öwrüldi. Munuň özi tötänden däldir, häzirki döwürde dünýä ýurtlarynda sanly tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Şunda ýurdumyza ylym ulgamyny ösdürmäge, onuň hukuk we maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalaryň ösdürilmegine, «akylly» şäher konsepsiýasynyň milli binagärlik ýörelgelerine ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde möhüm üns berilýär.

Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen halkara sammitiň gün tertibiniň esasy mowzuklarynyň biriniň emeli aň, täzeçil tehnologiýalar ulgamyna bagyşlanandygyny bellemek gerek. Şeýle hem HHR-iň dünýäde meşhurlyk gazanan «Sinhua» habarlar agentliginiň düzümlerine emeli aňyň önümleriniň, tehnologik taýdan gazanylan üstünlikleriň ornaşdyrylýandygy barada aýdyldy.

Bu ýerde guralan sergide hem emeli aň önümlerine, dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň tehnologiýa taýdan ýeten derejesine we halkara giňişliginde mediadüzümleriň özara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine bagyşlanan maglumatlar halkara derejesinde geçirilýän sammite gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilýän maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ornaşdyrylyşy barada gürrüň berdiler.

Dünýäniň iri habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Bütindünýä sammitine gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde sammite gatnaşyjylar HHR-iň Urumçi we Sinszýan şäheriniň gözel ýerlerinde gezelençde boldular. Şeýle hem sammite gatnaşyjylar üçin konsert maksatnamasy taýýarlanyp, onda Hytaý we dünýä sungatynyň meşhur eserleri ýaýbaňlandyryldy.

Umuman, HHR-iň Urumçi şäherinde geçirilen 6-njy Bütindünýä sammitine gatnaşyjylar bu forumyň we onuň dowamynda kabul edilen çözgütler mediaulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.