Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 168
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti we Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy öz çykyşynda Türkmenistanyň 2019 – 2024-nji ýyllar üçin raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça milli hereket meýilnamasynda görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň hemişelik wekili hem ýurduň raýatsyzlyk meselelerini çözmekde alyp barýan netijeli işlerini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň esasy resminamalaryna Türkmenistanyň gol çekendigine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanda bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk bermek, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň biometrik kesgitlemek tejribesini bellemek gerek. Ýurdumyz Merkezi Aziýada ilkinji bolup raýatsyzlygy azaltmak baradaky konwensiýa goşuldy. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissary Filippo Grandi öz çykyşynda raýatsyzlygy ýok etmäge gönükdirilen #IBELONG çäresiniň üstünlikli tamamlanandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň tagallalarynyň beýleki döwletler üçin göreldedigini belledi. Filippo Grandi, şeýle hem Türkmenistanyň öz ynsanperwerlik başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etjekdigine ynam bildirdi.