Ï Ahalteke atlarynyň dünýä dolan şöhraty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke atlarynyň dünýä dolan şöhraty

view-icon 1870
Ahalteke atlarynyň dünýä dolan şöhraty

14-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi ýakynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy mynasybetli ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi.

«Çawy dünýä dolan türkmen bedewi» atly çäräniň esasy maksady ýaş nesliň ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, bu gadymy tohumyň arassalygyny goramak we umuman, milli gymmatlyklara aýawly garaýşyň döremegine ýardam bermekdir. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Şäher Geňeşiniň hünärmenleri, Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň Atşynaslyk ylmy-önümçilik merkeziniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we alymlary, şeýle hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler ýaşlara asyrlarboýy «türkmeniň ganaty» adyny göterip gelýän ahalteke atlarynyň täsin häsiýetleri we aýratynlyklary, olaryň ylmy taýdan öwrenilişi, ýurdumyzda atçylyk däplerini gorap saklamak we behişdi bedewleriň şöhratyny artdyrmak ugrunda döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda bellenip geçilişi ýaly, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklarynyň asyrlarboýy bütin dünýäde ykrar edilip gelinýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Duşuşygyň dowamynda onuň dabarasyny has-da artdyran aýdym-saz çykyşlary boldy.