«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz işinde howpsuzlyk we rahatlyk ülňülerini ulanmak ugrunda yhlasly işlemegini dowam etdirýär. Ýolagçylar üçin amatlylyk we arassaçylyk şertlerini ýokarlandyrmak üçin ýene bir täsirli ädim täze bir hyzmatyň – «Bir gezeklik düşek ýüzleri» hyzmatynyň girizilmegi boldy.
Ýolagçylar indi demir ýol petegini satyn alanda, petek kassalarynda, menzillerde, şeýle hem «Turkmenistan Railways» mobil goşundysy arkaly onlaýn sargytlara bir gezeklik düşek ýüzlerini aňsatlyk bilen goşup bilerler. Düşek ýüzleriniň bahasy petegiň umumy bahasyna goşular, bu bolsa satyn alma işini aňsatlaşdyrar.
Täze başlangyç, kompaniýanyň müşderileriniň saglygy barada alada etmäge bolan ymtylyşyny görkezýär we şeýlelik bilen ýolagçylykda has ygtybarly gurşaw döredýär.
«Demirýollary» APG-niň ýolagçylarynyň bilmeli peýdaly maglumatlary:
el goşlaryna degişli:
ýolagçylaryň 100 kilograma çenli goşy mugt eltilýär. El goşlarynyň agramy bu çäkden geçse, ol ýük diýlip hasap edilýär. El goşlarynyň iň ýokary ölçegleri 100x30x50 santimetrden geçmeli däldir.
çagalara degişli:
her uly ýaşly ýolagçy ýany bilen 5 ýaşa çenli bir çagany mugt alyp biler. Ondan artyk her çaga üçin petek almalydyr. Çaga 5 – 10 ýaş aralygynda bolsa, «Çaga nyrhy» boýunça, aýratyn petek almaly. 10 ýaşdan uly çagalardan bolsa doly bahadan petek talap edilýär.
petek almak:
ýolagçy petegini ýola düşmezden 10 gün öň onlaýn arkaly alyp bolýar. 11-nji güne petek gözläniňizde, ulgam elýeterli ugurlary görkezmez.
Petek demirýol kassalarynda degişli otlynyň ýola düşmeli gününden 5 gün öň satylyp başlanýar. Ugramaly güni 12:00-dan soňa petek gözläniňizde, otly eýýäm 12:00-da giden bolsa, ulgam size bu ugurda otlynyň ýokdugyny habar berer.
VIP wagonyň petek bahasy adaty petek bahasyndan 50 manat gymmatdyr.
Gijä galmazlyk üçin, demir ýol menziline ýa-da duralgasyna otly ugramazyndan 45 minut öň gelmek maslahat berilýär.
Şeýle hem «Demirýollary» paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda ýolagçy gatnawy barada has jikme-jik maglumat we köplenç berilýän soraglara jogap tapyp bilersiňiz.