Ï Türkmenistan – ÝUNESKO: tejribe we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – ÝUNESKO: tejribe we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

view-icon 1829
Türkmenistan – ÝUNESKO: tejribe we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

2024-nji ýylyň 9 – 24-i oktýabry aralygynda Parižde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 220-nji mejlisi geçýär, oňa Türkmenistanyň wekilleri-de gatnaşýar. Bu gurama agza ýurtlaryň ÝUNESKO boýunça Milli komissiýalarynyň adaty duşuşygyna ýurdumuzuň adyndan Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli  toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşdy.

Türkmen tarapy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça konwensiýanyň sekretary  Fumika Ohinata we Döredijilikli şäherler ulgamynyň ýolbaşçysy hanym Denis Baks bilen duşuşyklar geçirdi, bu duşuşyklarda häzirki gatnaşyklara degişli meseleler, şeýle hem öňde duran döwür üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasy ÝUNESKO-nyň baş edarasynda  nahar berdi, oňa ÝUNESKO-nyň hemişelik wekilleri, ilçileri we TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO boýunça milli komissiýasynyň baş sekretary çagyryldy. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli  toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO boýunça milli toparlarynyň 10-njy maslahatynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Ol, şeýle hem sebit ýurtlarynyň gadymy ýadygärlikleri gorap saklamak, wagyz etmek we ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek baradaky tagallalaryny birleşdirmek boýunça birnäçe teklip hödürledi. 

Türkmenistanyň bu ädimleri türkmen halkynyň baý medeni mirasyny gorap saklamak boýunça ÝUNESKO bilen uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran netijeli hyzmatdaşlygyny artdyrmaga gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde 1000-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik tapylyp, hasaba alyndy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna gadymy Merwiň we Köneürgenjiň täsin ýadygärlikleri, şeýle hem Nusaýyň Parfiýa galalary-da girýär.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak” baradaky konwensiýasynyň iň işjeň agzalaryndan biridir. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýakynda behişdi ahalteke atlarynyň mesgen tutan gadymy topragynda ýerleşýän Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine degişli şahadatnamany gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

Türkmen halkynyň keşdeçilik  sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistan “Nowruz baýramy” we “Hoja Nasreddiniň tymsallaryny gürrüň bermek däpleri” ýaly köp millete degişli ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagyna-da işjeň gatnaşdy.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň “Kerki” we “Gadymy Merw” döwlet taryhy we medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Beýik Ýüpek ýoly: Zerefşan – Garagum geçelgesi” serhedaşa yzygider ugur taýýarlandy. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginde ýerleşýän otuzdan gowrak ýadygärlik, şol sanda ýedi sany türkmen ýadygärligi: Amul şäheri, Rabat Mansaf, Köne galanyň kerwensaraýlary, Tahmalaj, Akjagala, Gyzyljagala, Kuşmeýhan şäheri degişlidir.

“Aram guşaklyk Turan çölleri” transmilli tebigy desga ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy miras sanawyna Sebitiň üç ýurdunyň – Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň adyndan girizildi. Ol 15 düzüm bölekden ybarat bolup, olaryň dördüsi Türkmenistan tarapyndan hödürlenipdi. Bular dürli kategoriýalarda ýörite goralýan we döwlet tarapyndan goralýan “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýarajydyr”.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri  boýunça Milli toparynyň şu ýylyň başynda geçiren mejlisinde ýurdumyzyň ÝUNESKO maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek, bu guramanyň iri gurluş bölümlerinde ornuny güýçlendirmek, halkara ylmy gatnaşyklary artdyrmak, sanly taslamalarda we maglumat alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.