Ï Raýatlaryň hukuk we kanuny bähbitleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Raýatlaryň hukuk we kanuny bähbitleri

view-icon 3002
Raýatlaryň hukuk we kanuny bähbitleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek hem-de raýatlaryň syýasy, zähmet, durmuş, medeni we beýleki hukuklaryny kanun esasynda üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Yurdumyzy ösdürmegiň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ugurlarynyň ygtybarly hukuk binýadyny döretmek hem-de adamyň we onuň mertebesiniň, hukuklarynyň döwletimizde baş gymmatlyk hökmünde görülmegi ýurdumyzda raýat jemgyỳetiniň berkarar edilýändiginiň aýdyň şaýadydyr.

2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr diýip bellenilen.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ilatyň hukuk taýdan sowatlygyny artdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryna we borçlaryna düýpli düşünmegini gazanmak üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durulmagyny tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, her aýda iki gezek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap häkimliginde Ahal welaýat adalat bölümi tarapyndan raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişlikleri geçirilýär. Jemgyýetçilik kabul edişlik welaýat adalat bölüminiň, welaýat kazyýetiniň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri we welaýat  adwokatlar kollegiýasynyň agzasy tarapyndan geçirilýär. Geçirilen kabul edişlikde her bir raýaty gyzyklandyrýan hukuk meselesi aýratyn diňlenilip, degişli kanunçylyk düşündirilip, hukuk maslahatlary berilýär.