Ï Magtymguly özbek dilinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly özbek dilinde

view-icon 2857
Magtymguly özbek dilinde
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Horezm welaýatynyň özbek sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda festiwala gatnaşyjylara «Magtymguly» spektaklyny hödürlediler.

Özbegistanyň halky Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny gowy bilýär, türkmen şahyryna uly sarpa goýýar, dünýä meşhur bu şahsyýetiň Hywa medresesinde bilim alandygyna goňşy halk buýsanýar. 

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylar, şeýle hem aşgabatly teatr sungatynyň muşdaklary özbek artistleriniň «Magtymguly» spektaklynda türkmen şahyrynyň ömrüniň hut şu döwrüniň görkeziljekdigini çak edýärdiler. Olaryň çaky dogry hem çykdy.

Sahna bezegi tomaşaçylary haýrana goýdy. Sahnada Gündogar ertekisine kybap şäher peýda boldy. Ýyldyzly asman, dar köçeler, dürli durmuş ýagdaýlary bolup geçýän jaýlar hem-de gussaly bir gyz. Ol bilim alan ýyllary şahyryň kalbynda ýaşan Meňliniň keşbidi.

Tomaşaçylar özbek aktýorlaryna dana şahyryň ömrüniň pursatlaryny gowy beýan edendikleri üçin şowhunly el çarpyşmalar bilen hoşallyklaryny bildirdiler.