Ï «Kabyl we Habyl» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kabyl we Habyl» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 480
«Kabyl we Habyl» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Beýik Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylary dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Kabyl we Habyl» spektaklynyň ilkinji görkezilişi bilen garşy aldy. Tomaşaçylary tolgundyran gadymy tymsal teatr sahnasynda janlandyryldy.

Tomaşaçylaryň köpüsi festiwala gatnaşyjylardy, ýagny artistler, režissýorlar, sahna bezegi boýunça suratkeşlerdi. Şonuň üçin hem olar görkezilýän sahna oýnuna talapkär ussatlaryň nazary bilen syn edýärdiler. Türkmen aktýorlary «synagdan» üstünlikli geçdiler. Tomaşaçylar režissýor Eziz Işangulyýewi we tomaşaçylara hoşallyk bildirmäge çykan aktýorlary el çarpyşmalar bilen hoşallyk bildirdiler. Munuň özi spektakly döretmäge gatnaşanlaryň işine berlen gowy bahadyr.