Ï Gazagystanyň teatr topary festiwala «Guýy» spektaklyny hödürledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gazagystanyň teatr topary festiwala «Guýy» spektaklyny hödürledi

view-icon 517
Gazagystanyň teatr topary festiwala «Guýy» spektaklyny hödürledi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Gazagystan Respublikasynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky Mangistau welaýat sazly-drama teatry Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna «Guýy» sahna oýnuny hödürledi. Spektakl gazak ýazyjysy A.Kekibaýewiň hakykatdan-da bolup geçen wakalar esasynda ýazylan adybir powesti boýunça sahnalaşdyryldy.

Guýynyň çöldäki ähmiýeti nämede? Ol töwerekdäki ähli janly-jandarlar üçin ýaşaýşyň özüdir. Gazak teatrynyň döredijilik topary muny sahnada ynandyryjylykly görkezdi. Spektaklyň gahrymanlary – şatlyklary we gynançlary bilen guýynyň gapdalynda ýaşaýan adamlar göz açyp-ýumasy salymda teşneligini gandyrmak üçin bu ýere gelýärler.

Spektaklda üýtgeşik pursatlar az däldi.