Ï Türkmen alabaýlary şekillendiriş sungatynda we fotosuratlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýlary şekillendiriş sungatynda we fotosuratlarda

view-icon 1871
Türkmen alabaýlary şekillendiriş sungatynda we fotosuratlarda

27-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden belleniler, onda adatça döredijilik ýaryşlary we bäsleşikleri geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi baýramyň bezegi bolar.

Esasy çärelerden öň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Türkmen alabaýy» at bilen sergi açyldy. Sergide alabaýlaryň merdemsi keşbini wasp edýän iň oňat eserler görkezilýär. Döwrümiziň nakgaşlary, suratkeşleri we heýkeltaraşlary öz eserlerinde bu itleriň gujuryny we oňa kybap aýratynlyklaryny görkezýärler.

«It gözi – mähir» diýlen atalar sözi bar. Bu dana sözler nakgaşlaryň suratlarynda-da, adamyň we onuň wepaly dostunyň täsin gatnaşyklaryny görkezýän suratlarda-da beýanyny tapýar.

Alabaýlaryň fotosuratlary sungatyň asyl pursady takyk görkezmäge niýetlenen özboluşly bir ugrudyr. Bu itleriň mertebeli keşbi portret surata düşmek üçin ýerliklidir. Gujurly, tüýlek we täsin gözleri haýran galdyryjy şekilleri döredýär.

Suratçylaryň köpüsi ajaýyp tebigatyň goýnunda alabaýlary surata düşürmegi halaýarlar, çünki bu olaryň daşky gurşaw bilen çuňňur baglanyşygyny çeper görkezýär.

Alabaý güjükleriniň suratlary hasam täsirli çykýar. Üýtgeşik mähirli gözleri we naşyja bu kiçijik alabaýlar dessine tomaşaçylaryň ýüregini mähirden we şatlykdan doldurýarlar. Güjükleriň töweregindäki dünýäni öwrenmekden lezzet alýan her pursatdaky olaryň oýunçylygy we başbermez bilesigelijiligi duýulýar.

Türkmen alabaýy ýurduň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir, şonuň üçinem onuň dünýä dolan şöhratyny has-da ýokarlandyrmak üçin çäreler görülýär. Häzirki wagtda Türkmenistan alabaýlary ýetişdirmegiň milli ýörelgesini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça başlangyç bilen çykyş edýär.

Şu günler türkmen alabaýlarynyň şekillendiriş we amaly-bezeg sungat eserlerindäki, şeýle hem neşirýat önümleridir fotosuratlardaky çeper keşbi jemgyýetçiligiň ünsüni Türkmenistanyň özboluşly medeniýetine we däp-dessurlaryna çekmäge gönükdirilendir.