Ï Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilme meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilme meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 382
Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilme meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda Adam hukuklary boýunça milli edaralaryň Bütindünýä bileleşigi tarapyndan ynanç bildirilmegi boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk bolup geçdi. 

Taraplar Adalatçynyň edarasy bilen adam hukuklaryny goraýjy milli edaralaryň Bütindünýä bileleşiginiň arasynda emele gelen özara gatnaşyga ýokary baha berdiler we AHGMEBB tarapyndan ynanç bildirilmegi bilen baglanyşykly indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Adam hukuklary boýunça milli guramalar halkara derejede ykrar edilmekleri üçin AHGMEBB tarapyndan ynanç bildirilmegini haýyş edip, arza bilen ýüz tutýarlar. Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasy sanlyja ýyl ozal döredilen hem bolsa, AHGMEBB-niň ynanç bildirmegi üçin ýüz tutmak isleýändigini mälim etdi we bu maksada ýetmek ugrunda birnäçe halkara, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasy bilen-de hyzmatdaşlykda käbir öňegidişlik gazandy.

Türkmenistanda BMGÖM bilen bilelikde «Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasy durmuşa geçirildi, onuň çäginde 2020–2022-nji ýyllarda Aziýa – Ýuwaş umman Milli Forumynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirildi we Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň hem Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerine baha berildi. Halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek» atly bilelikde gol çekilen Taslama esasynda dowam etdirildi. Hususan-da, Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, AHGMEBB tarapyndan ynanç bildirilmek meselelerine degişli seminarlar we iş duşuşyklary geçirildi. Mundan daşgary, BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Adalatçynyň edarasy BMG-niň Çaga hukuklary baradaky konwensiýasynyň we onuň goşmaça teswirnamalarynyň ýerine ýetirilişi baradaky ilkinji hasabatyny BMG-niň Çaga hukuklary komitetine hödürledi.

Adalatçynyň edarasynyň işleri, häzirki we geljek wezipeleri barada giňişleýin düşünje Adalatçynyň edarasynyň şu ýylyň fewral aýynda tassyklanan 2024–2028-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasynda beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky Karary bilen Adalatçynyň edarasynda zenan we çaga hukuklaryny goramak, şeýle hem hususy pudakdaky adam hukuklary meseleleri boýunça iki sany täze bölüm döredildi. 

Bularyň hemmesi Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini artdyrmakda we, umuman, adam hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmek üçin Türkmenistanda alnyp barylýan işleri gowulandyrmakda gazanylan möhüm öňe gidişligi görkezýär. Adalatçynyň edarasy AHGMEBB tarapyndan ynanç bildirilmegi, ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem öňe sürmek ukybyny has-da güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikler açar.