Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 1284

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohamed MUIZZU,
Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

2024-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyň dowamynda meniň we Gazagystanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigimiz hem-de bildirilen aýratyn myhmansöýerlik üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döreden gepleşiklerimiziň netijelerine ýokary baha berýärin. Özara dostlugy berkitmek we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Gazanylan ylalaşyklaryň giň toplumy bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň umumy abadançylygyň maksatlaryna — özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak, şol sanda Merkezi Aziýada durnukly ösüş, rowaçlyk maksatlaryna ýetmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Beýik gazak ýazyjysy we filosofy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatdaky heýkeliniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin aýratyn hoşallygymy beýan edýärin. Iki ýurduň ýakynlaşmagy hem-de umumy medeni-taryhy mirasymyzy gorap saklamak ugrundaky şahsy goldawlaryňyz we tagallalaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli halkara forumyň ýokary derejede geçirilendigi bilen Sizi gutlamak isleýärin. Bu forum akyldar şahyryň adynyň we baý edebi mirasynyň tutuş dünýäde dabaralanmagyna ýardam berer.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň özüňiz üçin islendik amatly wagtda Gazagystana resmi sapar bilen gelip görmegiňiz baradaky çakylygy tassyklaýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.