XVII asyryň lirik şahyry Garajaoglanyň terjimehaly hakynda maglumat az, ýöne edebiýatşynaslaryň esasy pikirine görä, ol ýaşlygynda söýgülisini elden gidiripdir we bütin ömrüni onuň gözlegine sarp edipdir.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäheriniň döwlet teatrynyň döredijilik topary şahyryň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda çykyş etdi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Bir obanyň ilaty Garajaoglana magşugyny tapmaga ýardam edýär. Aşyklar bagt kölünde guwwas bolup ýüzýärdiler. «Garajaoglan» sahna oýnunda türk aktýorlarynyň erkinligini duýmak bolýardy. Olar sahnadan daşgary ötelgeleri-de işjeň ulanmak bilen, wakalary tomaşa zalyna geçirýärdiler. Baş gahrymanyň sahnada aýdym aýtmasy oýna uly bähbit boldy.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Tomaşaçylar oýny döredijilere aýak üstünde el çarpdylar. Olar bilen hoşlaşmak üçin sahna çykylanda, aşyklaryň bilelikde däl-de, özleriniň wysala ýetmegine ýardam eden oba ilatynyň gurşawynda çykmasy bellemäge mynasyp hereketdir. Tomaşaçylar halan aktýorlaryna gül desselerini gowşurdylar.












