Ï Tokaýlary ýetişdirmek Daşoguz welaýatynyň hünärmenleriniň ileri tutulýan meselelerinden biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tokaýlary ýetişdirmek Daşoguz welaýatynyň hünärmenleriniň ileri tutulýan meselelerinden biridir

view-icon 479
Tokaýlary ýetişdirmek Daşoguz welaýatynyň hünärmenleriniň ileri tutulýan meselelerinden biridir

Daşoguz welaýatynyň tokaýçylary öz nahalhanalaryny ekiş materiallary bilen doly üpjün etmekligi wezipe edindiler. Şu günler gyrymsy agaçlaryň tohumyny ýygnaýarlar, pürli agaçlaryň tohumyny taýýarlaýarlar.

«Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary saklap galmak hem-de ösdürmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Hünärmenler tokaý döretmekligi howanyň arassalygyny saklamagyň we mikroklimaty gowulandyrmagyň esasy ýollarynyň biri hasaplaýarlar.

Daşoguz welaýatynyň ösümlik dünýäsi, şol sanda her ýyl ählihalk bag ekmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň çäklerinde çalt ösüşi guraklyga we kesellere durnuklylygy, kislorod bölüp çykaryp, howany arassalamaga ukyplylygy, bezege has gelşikliligi bilen tapawutlanýan gymmatly, ýaprakly we pürli ösümlikleriň köp görnüşiniň hasaby yzygiderli baýlaşdyrylýar. Çöl ösümlikleri barada aýdylanda bolsa, olar tozanyň we duzlaryň ýaýramagynyň öňüni alýan hem-de bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga kömek edýän täze tokaý zolaklaryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan amala şarylýan toplumlaýyn işlerde işjeň ulanylýar.

«Altyn asyr» kölüniň kenarynda kemala gelýän täze jandarly ýerleriň sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna goşant goşýandygyny bellemek gerek, onuň suwy indi guşlaryň halaýan ýerine öwrüldi, kenarýakasyndaky gyrymsy agaçlar haýwanlary özüne çekýär.