Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

view-icon 327

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Geçen ýyl Siz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa geldiňiz. Şonda biz Siziň bilen netijeli duşuşyk geçirdik, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada möhüm ylalaşyklaryň birnäçesini gazandyk, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin täze meýilnamalary belledik.

Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.