Ï Türkmen suratkeşi halkara plenere gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen suratkeşi halkara plenere gatnaşdy

view-icon 1983
Türkmen suratkeşi halkara plenere gatnaşdy
camera-icon
Ogulgözel Rejebowa

Belarus Respublikasynyň Mogilýow şäherinde 7–22-nji oktýabr aralygynda «Şekillendiriş sungatynda watanyň keşbi» atly XXVIII Halkara Plener – howa suratkeşligi boýunça döredijilik çäresi geçirildi, oňa 6 ýurtdan 15 suratkeş gatnaşdy.

Bu çärä biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Merdan Nurmedow gatnaşdy. Pleneriň maksady bütin dünýädäki Suratkeşler Kärdeşler arkalaşyklary bilen döredijilik we medeni gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem ýer ýüzünde belarus sungatyny ösdürmek we wagyz etmekdir. Pleneriň esasy maksady suratçynyň ussatlygy arkaly Watanyň keşbini açyp görkezmekdi.

Plener 2024-nji ýylda Belarusyň faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 80 ýyllygyna we Belarusyň halk suratkeşi P.W.Maslenikowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanýar. Pleneriň çäginde döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we seminarlar geçirildi. «Şekillendiriş sungatynda Watanyň keşbi» atly XXVIII halkara pleneriň jemleýji sergisi P.W.Maslenikow adyndaky Mogilýow welaýat sungat muzeýinde açyldy.

Onda iki hepdä çeken döredijilik çäresine gatnaşanlaryň hemmesiniň işleri görkezildi. Suratlarda belarusly, gazagystanly, gyrgyzystanly, russiýaly, özbegistanly we türkmenistanly suratkeşler tarapyndan görkezilen işlerde Mogilýow welaýatynyň tebigatyndan, medeniýetinden, binagärliginden we taryhyndan galan täsirler beýan edilipdir.