2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde Türkmenistanyň Orhus konwensiýasyna goşulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Türkmenistan Orhus konwensiýasyny tassyklan we BMG-niň bu esasy resminamasynyň ekologiki maglumatlara elýeterlilik, jemgyýetiň karar kabul etmäge gatnaşmagy we daşky gurşaw meselelerinde adalata elýeterlilik baradaky düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça borçlary öz üstüne alan ilkinji Merkezi Aziýa döwleti boldy.
Maslahata Türkmenistandaky Orhus merkeziniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli ministrlikleriň we müdirlikleriň wekilleri, şeýle hem daşky gurşaw meseleleri boýunça milli bilermenler gatnaşdy. Orhus konwensiýasynyň sekretariatynyň wekili bolsa bu resminamanyň bolmalysy ýaly ekologiki dolandyryş we durnukly ösüş ýörelgelerini öňe sürmekdäki ähmiýetini nygtady.
Çärede Türkmenistanda Orhus konwensiýasynyň we onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi baradaky Milli hasabatyň taslamasy görkezildi we Orhus merkeziniň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistandaky Orhus merkeziniň wekilleri merkeziň konwensiýanyň esasy üç ýörelgesini we işiniň baş ugurlaryny wagyz etmekdäki orny barada gürrüň etmek bilen, suw gorlarynyň durnukly dolandyrylyşyny ösdürmäge gönükdirilen işiniň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem ekologiýa kampaniýalaryny guramak boýunça tejribe alyş-çalşygy boldy. Orhus konwensiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň howandarlygynda adamzadyň saglygyna we emin-amanlygyna amatly gurşawda goralmagyna, maglumata elýeterliligi, karar kabul etme işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagyny we daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adalata elýeterlilik hukugyny goldamak maksady bilen kabul edildi.
Türkmenistan 1999-njy ýylyň 30-njy aprelinde Orhus konwensiýasyny tassyklamak bilen, daşky gurşawy goramak we daşky gurşaw meseleleri boýunça karar kabul etmäge jemgyýetçiligiň gatnaşmagy babatyndaky ýokary halkara standartlara esaslanmak isleýändigini aýan etdi. 2012-nji ýylyň awgust aýynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistanyň Orhus merkezi açylyp, işe başlady. Merkeziň işe ukyplylygy Aşgabatdaky «Tebigy kuwwat» POO-nyň işlerine esaslanýan taslamanyň çäginde üpjün edilýär.