Ï Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady

view-icon 2203
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirmäge çalşyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur almak bilen, ýurdumyz onuň gerimini giňeltmäge açykdygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kazan şäherine şu iş sapary hem munuň aýdyň güwäsidir. Bu ýerde nobatdaky BRICS sammiti geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki şu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, bu döwletara birleşik 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň strategik häsiýetli gatnaşyklarynda bu ýurduň iri sebitleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk muňa aýdyň mysal bolup biler. Şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar. Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi. Bar bolan köpugurly mümkinçilikler özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmaga, işewürlik hereketlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga amatly şertleri döredýär.

Halklarymyz asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň umumylygyna, dilleriň meňzeşligine, bitewi dine, deňhukuklylyga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Türkmen-tatar dialogyna mahsus bolan özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň ýokary derejesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň wekiliýetleriniň iri halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr saparlar köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Şu ýylyň maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine iş saparyny amala aşyrdy we hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” atly XV halkara ykdysady foruma gatnaşdy.

Şu aýda Aşgabada Prezident Wladimir Putin tarapyndan ýolbaşçylyk edilen wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hem gelendigi bellärliklidir. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çärelerine gatnaşdy.

...Hormatly Prezidentimiziň uçary Kazan şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mübäreklediler.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz “Kazan Ekspo” halkara sergi merkezine ugrady. Bu ýerde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.