Ï Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-täjik daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-täjik daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

view-icon 185
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-täjik daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň birnäçe düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Sebitleýin we halkara gurluşlaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyk we özara goldaw bellenildi.

Diplomatlar halkara we sebit syýasatynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda sebit howpsuzlygy, hususan-da, Owganystandaky parahatçylygy gurmak, ykdysadyýeti we syýasy durnuklylygy dikeltmek, şeýle hem täze ählumumy wehimlere we howplara garşy durmak meselesine üns berildi.

Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem bellediler. Şunlukda diplomatlar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda häzirki wagtda hereket edýän Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çägindäki özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdiler.

Geňeşmeleriň dowamynda daşary syýasaty meýilleşdirmek, ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygy, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işgärler syýasatyny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.