Ï Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri we hepdäniň beýleki medeni çäreleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri we hepdäniň beýleki medeni çäreleri geçiriler

view-icon 1252
Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri we hepdäniň beýleki medeni çäreleri geçiriler

2024-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Esasy çäre 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy bolar.

Bu maksatnama kino we animasiýa ýaly ermeni medeniýetiniň dürli taraplaryny öz içine alýar. Tomaşaçylar «Şarpyk» (27-nji oktýabr), «Aýrik» (28-nji oktýabr) we «Bagdasar aýaly bilen aýrylyşýar» (29-njy oktýabr) atly üç sany ermeni filmine tomaşa edip bilerler . «It we pişik», «Gök deňizde, ak köpükde ...» we beýleki ermeni multfilmleri hem görkeziler. Geçirilýän ýeri: «Watan» kinokonsert merkezi, «Aşgabat» kinoteatry.

Çäreler 29-njy oktýabrda iki ýurduň medeni jebisligini nygtajak Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

25.10.2024 «Mejbury tebip bolan» 19:00;

26.10.2024 «Oskar» 19:00;

27.10.2024 «Süýji durmuşyň gapysy» 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

25.10.2024 «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00;

26.10.2024 «Balzaminowyň öýlenişi» 19:00;

27.10.2024 «Talyp söýgüsi» 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

25.10.2024 «Mähriban dideler» 11:00;

26.10.2024 «Oskar» 19:00;

27.10.2024 «Ependi sen kim?»    19:00.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry:

26.10.2024 «Ýagyş ýagan gijesi» 19:00;

27.10.2024 «Geliň gülşeliň» 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

26.10.2024 «Amanat giýew» 19:00;

27.10.2024 «Gülki agşamy» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

25.10.2024 «Пять вечеров» 19:00;

26.10.2024 «Раз и два» 13:00;

26.10.2024 «Индийская любовь» 19:00;

27.10.2024 «Дюймовочка» 11:00;

27.10.2024 «Дюймовочка» 13:00;

27.10.2024 «Шикарный мужчина» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

26.10.2024 «Maşa we aýy» 17:00;

26.10.2024 «Juwan kalbym joşanda» 19:00;

27.10.2024 «Balykçy we balyjak» 12:00;

27.10.2024 «Balykçy we balyjak» 17:00;

27.10.2024 «Şadyýan şow» 19:00.