Ï Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

view-icon 3053
Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Aşgabat şäher häkimliginiň degişli gulluklarynyň guramagynda geçirilen bu duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlaryň we çözgütleriň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy, şeýle hem ol ýurdumyzda gyş paslynyň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň çäginde ministrlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygy, elektrik toguny, suwy we tebigy gazy rejeli peýdalanmak boýunça howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilişini gözegçilikde saklamak, şonuň ýaly-da paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny jemagat hyzmatlarynyň töleglerini sanly hyzmatlar portaly we sanly şäher mobil goşundysy arkaly töleg etmek mümkinçiligini halk köpçüligine ýetirmek maksadyna gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda yglan edilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen şygar astynda mynasyp dowam etdirilýändigini, şonuň esasynda bolsa döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynda ýazgyda duran raýatlaryň bu taslama esasynda hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmeginiň ýola goýulandygy hem-de döredilen elektron maglumatlar binýady boýunça ilatymyza edilýän jemagat hyzmatlarynyň töleglerini e.ashgabat.gov.tm saýty arkaly we “SANLY ŞÄHER” atly goşundynyň üsti bilen geçirmek üçin tapgyrlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler şeýle döwrebap şertlerde işlemäge döredilen mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.